Türkmenistanyň Prezidenti Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi

Aşgabatda täze Diwan myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem işewür Gurbanguly Berdimuhamedowa öz kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Işewür Rönesans Holding üçin Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde hem üýtgewsiz eýerjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

Rönesans Holding Türkmenistandaky işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal