11-nji sentýabrda Lebap welaýatynda “Amul-Hazar 2018” awtorallisi başlanyp, onuň birinji tapgyrynda “prezidentiň awtomobili” ozdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, uzynlygy 9 kilometr bolan prologa — kwalifikasion ýaryşy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 100-lik nomerli maşyny bilen açdy. Belleýäris, bu gezek şturamnyň ornuny döwlet baştutanynyň ogly däl-de, başga bir ady aýdylmadyk adam eýeledi.
Döwlet baştutany bu ýaryşa özüniň iýulda synag eden MINI awtomobilinde gatnaşdy.
1 of 3
Kwalifikasion ýaryş tamam bolanyndan soň bäsleşigiň 247 kilometr aralyga uzaýan birinji tapgyry başlandy. Ýaryşlara 83 ekipaž gatnaşýar.
Ralliniň telereportažyndan çen tutulsa, çölüň içinden geçän ýaryş ýolunyň ugrunda üç adamdan topar tutup, şowhun edýän ýolagçylar goýlupdyr. Şol wagt Lebap welaýatynda howanyň gyzgyny +37 gradusa çenli baryp ýetýärdi.
1 of 2
Neşiriň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bilen gürrüňdeş bolanyndan soň, “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser “döwlet baştutanyndan prolog barada özünde galan täsirleri paýlaşmagy haýyş etdi”.
— Ýaryşyň geçýän ýoly barada aýdylanda, her bir türgen ýaly, men hem bar ünsümi ýola gönükdirdim.
Ata-babalarymyzyň her bir uly işi hoşniýetli arzuwlardan başlamak baradaky wesýetlerine eýerip, men hem ähli toparlara tüýs ýürekden ak ýol we elbetde, ýeňiş arzuw etmek isleýärin diýip, prezident aýtdy.
Soňra ýaryşyň birinji tapgyry başlandy.Türkmen telewideniýesiniň sýužeti prezident maşyna münüp, ýaryşa başlan ýaly edip görkezýär.Emma ýaryşyň saýtynda 100 nomerli ekipažyň Gaýgysyz Akmyradow we Hojaguly Annamammedow diýlip görkezilen. TDH-nyň ýazmagyna görä, “ýörite uçastogyň gaýdyş pellesine 100 nomerli ekipaž ilkinji bolup geldi”.
Emma döwlet habar gullugy ekipaž agzalarynyň familiýarlaryny agzamaýar.
1 of 2
Şol gün, çäreler tamamlanandan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ugrady. Döwlet baştutanynyň ýaryşa mundan aňryk gem gatnaşyp-gatnaşmajagy belli däl.
Ýatladýarys, döwlet baştutany ozal bu ýaryşa gatnaşmakçydygyny aýtdy, öz proýekti esasynda sport mäşynyny täzeden gurnady we ogly bilen bilelikde yzygiderli türgenleşik geçdi.
Ralliniň guramaçylary hem prezident Berdimuhamedowyň “ýaryşa gatnaşmagyny arzuw edýändiklerini” aýtdylar.