Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş. kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüri gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine, şeýle hem onuň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hasaplanylýan türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara giňişlikde iş alyp barýan işewür toparlaryň milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistana gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny belläp, geçen ýyllaryň dowamynda ýurtda türk kompaniýalarynyň, şol sanda Polimeksiň netijeli iş alyp baryp, durmuş we senagat maksatly köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirendigini kanagatlanma bilen belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ygtybarly we jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen Polimeks kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga çemeleşmesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň öz ösüşinde belli daşary ýurt kompaniýalarynyň täzeçil işläp taýýarlamalaryny çekmegi esasy ugur edinýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.
Erol Tabanja Polimeksiň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.