11-nj dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.
Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.
Dünýäde ygtybarly hasaplanylýan türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysy bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara giňişlikde iş alyp barýan işewür toparlaryň milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistana gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny belläp, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda türk kompaniýalarynyň, şol sanda “Polimeksiň” netijeli iş alyp baryp, durmuş we senagat maksatly köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirendiklerini kanagatlanma bilen belledi.
Ygtybarly we jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen “Polimeks” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga çemeleşmesine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň öz ösüşinde belli daşary ýurt kompaniýalarynyň täzeçil işläp taýýarlamalaryny çekmegi esasy ugur edinýändigini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.
Erol Tabanja “Polimeksiň” Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.