Türkmenistanyň prezidenti polietilen we polipropilen zawodyny açdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji oktýabrda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumyny açdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, zawodyň gurluşygy $3,4 milliarddan gowrak serişdä barabar boldy.

Taslama “Türkmengaz” döwlet konserni we “LG International Corporation”, “Hyundai Engineering Co., Ltd” (Koreýa), “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary tarapyndan bilelikde amala aşyryldy. Üç taraply şertnama 2013-nji ýylda, prezident Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

“Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer we täze kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndüriler, 4,5 milliard kub metr gaz ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar” diýip, neşir habar berýär.

Açylyş dabarasy däp bolan çäreler bilen utgaşdy. TDH-nyň maglumatyna görä, “Täze senagat desgasyna alyp barýan ýoluň ugrunda ak öýler dikilip, döredijilik toparlary çykyş edýärler, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezilýär, özboluşly däp-dessurlar ýerine ýetirilýär”.

Neşir zawoda birnäçe sertifikatyň hem berlendigini habar berýär.Germaniýanyň Ýulius Kun adyndaky institutynyň agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory Margit Olle “Ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana” sertfikatyny gowşurdy.

Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (“Environmental health trust” (ABŞ) uly geňeşçisi jenap Robert Dýubua Morris zawodyň ýolbaşçylaryna iri himiýa kärhanasynyň ekologiýa taýdan arassalygyny tassyklaýan sertifikaty gowşurdy.Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doktor jenap Urs Weýdmann polimer zawodynyň ýolbaşçysyna “Durnuklylyk we netijelilik” sertifikatyny gowşurdy.

Prezident bir gün ozal “LG International Corporation” kompaniýasynyň baş ýerine ýetirijisi Song Çi Hony we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Syng Sang-Roky kabul etdi.

Maslahatyň temasy ýangyç-energiýa toplumynyň we gaz-himiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda boldy.

1 of 25

Ýene degişli makalalar

17.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri artýar
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019 atly XXIV halkara sergi we maslahat
22.10.2019 | Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019 atly XXIV halkara sergi we maslahat
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar