Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Jenap Riýad al-Maliki parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ählumumy goldawa hem-de halkara bileleşigiň ykrarnamasyna mynasyp bolan döwlete — Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny belläp, dostlukly ýurduň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Mahmud Abbasa mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny, şeýle hem Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, Palestinanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň hem-de onuň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirilmegi meýilleşdirilen geňeşmeleriň, gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy bellenildi, munuň özi dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletine we onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygy, alyp barýan daşary syýasatyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir, şunda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan öz tarapyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça palestinaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň daşary işler hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki özara hoşniýetli erk-islege daýanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşyk geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmunmy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmen-palestin telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär
Mahmud Abbas Türkmenistanyň Prezidentini Palestina sapar bilen çagyrdy
Türkmenistan-Palestina parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi