Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli pugtalandyrylýan hem-de kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ilerlediljekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistana resmi sapar bilen çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna ýurtdaky partlama zerarly gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady