Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň baş arçasynda köp öwüşginli yşyklar ýakyldy.Bu waka hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Asylly däbe görä, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi.Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.

Birnäçe gün mundan ozal özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçen Bitarap Watanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr.

Geljek ýylda ýurdumyz ýene-de bir taryhy senäni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellär.On iki jandaryň lybasyna gündogar senenamasy boýunça Täze ýylyň nyşanlarynyň keşplerine beslenen şadyýan çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy mähirli garşyladylar. Çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň yşaraty bilen ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy şadyýan Täze ýyl dabarasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursatyna öwrüldi.

Körpeleriň bagtyýar sesleri hem-de şadyýan gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz Watanymyzyň şu günki we ertirki gününe ynamymyzyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.Hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalar ýatdan çykmajak baýramçylyk barada ýadygärlik hökmünde ajaýyp sowgatlary aldylar.

Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.Ertekileri ýatladýan bu ajaýyp baýramçylyk uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň ýadynda uzak wagtlap galar.

Tutuş ýurdumyz boýunça teletomaşaçylaryň millionlarçasy bu köp öwüşginli Täze ýyl baýramçylygynyň şaýatlary boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy
Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
Türkmenistanda täze, 2024-nji ýyl giň gerimli dabaralar bilen garşylanyldy
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy