Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

Düýn, 26-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilow Aşgabada iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga hem-de Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga Goşmaça Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalara Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gol çekdiler.Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda türkmen we özbek wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibi örän baý mazmunly boldy.Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

В ТУРКМЕНИСТАН С РАБОЧИМ ВИЗИТОМ ПРИБЫЛ МИНИСТР ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ РЕСПУБЛИКИ УЗБЕКИСТАН
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Adam hukuklary komiteti Türkmenistanyň ikinji döwürleýin hasabatynyň maslahatlaşylmagynyň netijelerini jemledi
Türkmenistanda Nowruzyň hormatyna 2028 tussagyň günäsi geçildi
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY