Şu gün Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron goşundysy habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilikdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribeleri paýlaşmagyň, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyna kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň wekilleriniň parlament meýdançalarynda medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek, zenanlardyr ýaşlaryň arasynda özara hereketleri ýola goýmak babatda bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip biljekdiklerine ynam bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinden Samarkant şäherine ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görer.