Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy.Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurtlarymyzyň diňe bir çäk taýdan däl, eýsem, taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy umumylygy bilen hem ýakyndygy bellenildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki dialoga mahsus bolan doly özara düşünişmek we açyklyk möhüm ähmiýete eýedir.Bu bolsa, öz nobatynda, hemmetaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar
Hakan Fidan Özbek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Özbek-Gazak Gatnaşyklary Pugtalanýar
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi