3-nji fewralda geçiren iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň alymlarynyň oba hojalyk toplumyna goşýan goşandyny artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.
Milletiň Lideri bular barada nygtamak bilen, Türkmenistanda innowasion esasda obasenagat toplumynyň inžener-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň çözülýändigini, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalaryň satyn alynýandygyny belledi.
Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary, iň oňat dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler geçirilmelidir.
Bu ugurda alym hünärmenler ylmy taýdan esaslandyrylan usullary netijeli ulanmak arkaly degişli derejede goşantlaryny goşmalydyr diýip, döwlet Baştutany birnäçe tabşyryklary berdi.