
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) sapar amala aşyrar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda geljekki saparyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem gatnaşdy.
Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda taraplar BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar.
BAE-nyň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy BAE sapara çagyrdy.