Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele we Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahala ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

“Nepalnews” neşiriniň habar bermegine görä, anna güni gije sagat 23:47-de Nepalyň Ramidand we Jajarkot sebitlerinde adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýjenmesi 6,4 balla deň bolan ýer titredi. Habarda nygtalşy ýaly, munuň netijesinde 157 sany adam gurban bolup, 125 adam şikes aldy.

Mundan daşary, ýertitremeleri Nepalyň paýtagtynda, Hindistanyň şäherlerinde, şol sanda Delide hem hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi
Türkiye Nepala gynanç bildirdi
Nepaldaky ýer yranmasynda 56 adam pida boldy
Nepalda Bolan Ýer Titremesinde 69 adam Ýogaldy
Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri