2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar, diýip TDH habar berýär.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi.Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowa söz berdi.Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, gazhimiýany ösdürmek we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ýaýbaňlandyrylan düzümini döretmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebite hem-de gaza baý bolan täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan ybaratdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Milli Liderimiz nebit çykarmakda döwrebap tilsimatlary we usullary ulanmak arkaly, çykarylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmagy hem-de nebit çykaryş we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, şeýle hem nebit çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini geçirip, nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap tilsimatlary ulanmak arkaly geologik-gözleg, seýsmiki we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.Hormatly Prezidentimiz çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy.Munuň özi toplumyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçiligini has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, munuň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanyp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.