Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah Al-Sisä Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Biz Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.