5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça maslahat geçirdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda aşakdaky ýolbaşçylar bellenildi.
1. Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow — Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.
2. Muhammetseýit Babaýewiç Sylapow — Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellenildi.
3. Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew — Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.
4. Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow — Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de ol Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.
5. Muhammetguly Hojagulyýewiç Hojagulyýew — Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
6. Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedow — Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.
7. Batyr Amangeldiýewiç Amanow — Türkmenistanyň Döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.
8. Guwanç Welinazarowiç Agajanow — Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmennebit döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
9. Merdan Tejimowiç Rozyýew — Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.
10. Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow — Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellenildi.
11. Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow — Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi.
12. Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow — Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi.
13. Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow — Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.
14. Nyýazly Myradowiç Nyýazlyýew — Türkmenhimiýa döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.
15. Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew — Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenildi.
16. Güýzgeldi Baýjanow — Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.
17. Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenildi.
18. Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýew — Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellenildi.
19. Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa — Türkmenhaly döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.
20. Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradow — Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellenildi.
21. Orazmyrat Gurbannazarow — Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi.
22. Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa — Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.
23. Atageldi Aşyrowiç Şamyradow — Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellenildi.
24. Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellenildi.
25. Resul Şyhdurdyýewiç Rejepow — Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellenildi.
26. Merdan Amanjanowiç Gazakbaýew — Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.
27. Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.
28. Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýew — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.