Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işgärlerini, ilçileri Diplomatik işgärleriň güni bilen gutlady we olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz hoş habaryň gelip gowşandygy — şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilendigini hem-de onuň bu guramanyň resmi dillerinde çap edilendigini aýdyp, bu şanly waka mynasybetli halkymyzy we ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wise-premýer şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyzda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň ähli ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy hem-de bu işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýew çykyş edip, bank-maliýe ulgamynyň, ykdysady toplumyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada milli Liderimize hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, degişli düzümleriň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, pudaklaryň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Şunlukda, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ykdysadyýeti pugtalandyrmak, şeýle hem maliýe-ykdysady düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de oňa ösen halkara tejribeleri ornaşdyrmak, sanly tehnologiýany işjeňleşdirmek meseleleriniň çözgüdine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, gurluşyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek, önümçilik we durmuş maksatly taslamalary işläp taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, hususan-da, degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we energetika ulgamyna degişli taslamalar taýýarlanylanda olaryň ähmiýetiniň we ýerli aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, gurluşyklaryň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma toplumynyň kärhanalaryna häzirki zaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde söwda, hyzmatlar ulgamynyň, dokma toplumynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleriniň durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda bar bolan meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz dokma senagaty kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda ulag-logistik düzüminiň işini kämilleşdirmek, aragatnaşyk pudagyna häzirki zaman tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşinde, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ulag-logistika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň çäklerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini belledi.

Şunlukda, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeler bilen baglanyşykly nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitgaz känlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak, iň esasy bolsa toplumyň ähli düzümlerine häzirki zaman tejribesini, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bellenilişi ýaly, toplumyň köpugurly esasda ösdürilmegi wajyp ugurlaryň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ösdürmek we ylmyň gazananlaryny ähli ugurlara ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ylmyň täze gazananlarynyň, sanly ulgamyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda bar bolan häzirki zamanyň ösüş tejribelerini we täzeçil tehnologiýalary öwrenmek, olary halk hojalygynyň ähli düzümlerine ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigini belläp, degişli ylmy-barlaglary geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Amanowa ýüzlenip, ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzda degişli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny we daşary syýasy aragatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi