Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy M.Taganowa söz berdi.Ol milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapýan syýasaty durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde geçirilýän işler, hususan-da, komitetiň agzalarynyň täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin döredilen Iş toparlarynyň mejlislerine gatnaşýandygy barada habar berildi. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de merkezi we ýerli metbugat neşirlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýyny wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň döwlet gurmakdaky tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak boýunça çykyşlaryň guralandygy hem-de makalalaryň çap edilendigi barasynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Esasy Kanunymyzda beýan edişimiz ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny belledi.Adamy goramak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmek, adam hukuklaryny goramak boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Zenanlaryň hukuklaryny goramaga aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigini nygtady.Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda hereket edýän kanunlarymyza seljerme geçirilmelidir hem-de olary halkara konwensiýalara we adam hukuklary babatda Türkmenistanyň gatnaşýan beýleki halkara hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyk getirmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr.

Fiziki şahslaryň hukuk ýagdaýynyň, esasan hem, ilatyň goraga mätäç toparlarynyň durmuşynyň hilini kepillendirýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.Adam hukuklaryna hormat goýmak medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça dürli işler alnyp barylmalydyr, bu ugurda kanunçylyk binýady berkidilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şol sanda ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini talabalaýyk ýola goýmaga ýardam bermegiň möhümdigi bellenildi. Şunda ata-babalarymyzyň haýyr-sahawatlylyk kadalaryndan ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.Soňra Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy G.Agaýew komitetiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi we oňa innowasion häsiýetiň berilmegine gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada habar berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi barada öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, komitetiň agzalary Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we degişli pudaklaryň wekilleri bilen geçirilýän iş toparlarynyň maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmegiň bähbidine kabul eden maksatnamalarymyzyň, amala aşyrýan durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, hususy telekeçiligi goldamagyň hem-de ylmy oýlap tapyşlara we täze innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilikleri döretmegiň hukuk esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Ýurdumyzda telekeçilik işlerini höweslendirmäge hem-de goldamaga, maýa goýumlary üçin amatly şertleri we kepillikleri döretmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz şu wezipelerden ugur alnyp, halkara hukugyň umumy kadalaryna doly laýyk gelýän milli kanunçylygyň döwrebap kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini we olaryň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp böleginiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilmelidigini, şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyl üçin hemmetaraplaýyn oýlanyşykly Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlananda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipelere aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda gazanylan üstünlikler, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli garaşylýan netijeler göz öňünde tutulmalydyr.

Geljek ýyl üçin öňde goýlan maksatlar, soňky döwürde kabul edilen möhüm kararlar, kanunçylyk binýadyndaky üýtgetmeler nazara alynmalydyr.Olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur serişdeleri göz öňünde tutmaly.Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti milli maksatnamalary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeler nazara alnyp düzülmelidir.

Geljek ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, aýratyn hem mätäçlik çekýän adamlar üçin welaýatlaryň etraplarynda we şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz zähmetkeşleriň pikiri, arzuw-islegleri we teklipleri, adamlaryň gündelik aladalary bilen yzygiderli gyzyklanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer, päk ahlakly nesli terbiýeläp ýetişdirmegi, raýatlaryň dynç almagy üçin şertleriň döredilmegini, türkmenistanlylaryň aň-düşünjeli ynsan we hünärmen hökmündäki mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Öňem çykyşlarymda belläp geçişim ýaly, maşgala näçe agzybir, sagdyn bolsa, şonça-da jemgyýet berk bolar. Şonuň üçin jemgyýetimiziň agzybirligi, sazlaşygy maşgaladan başlanýar. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy B.Seýidowa ynsanperwer ulgamyň meselelerini düzgünleşdirýän milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem milli medeni-ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary dikeltmek hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin aýawly saklamak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, kabul edilen Türkmenistanyň Bilim hakyndaky Kanunynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemek, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar.Dünýäde maglumat tehnologiýalarynyň okgunly ösmegini, ylmyň gazananlarynyň hem-de bilim bermek usullarynyň yzygiderli täzelenmegini nazara almak bilen, bu ugurda innowasion işleri işjeň ornaşdyryp, gadymdan gelýän milli däplerimize we öňdebaryjy terbiýeçilik tejribesine daýanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeler barada aýdyp, innowasiýalary, okatmagyň döwrebap usullaryny işjeň öwrenmegiň we giňden ulanmagyň, okuw işini tejribe bilen, aýratyn-da, zähmet terbiýesiniň usullary bilen utgaşdyrmagyň hemmetaraplaýyn bilimli, zehinli ýaşlary kemala getirmegiň baş şertidigini belledi.

Häzirki döwürde bu ugurda görülýän çäreler bildirilýän talaplara kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy Ç.Babanyýazow hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän kanunçylyk namalarynyň, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň” taslamalaryna garamak maksady bilen, Mejlisiň deputatlary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler hem-de oba hojalygynda hususy öndürijiniň paýyny artdyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň halkymyzyň durmuşynyň ekologiýa taýdan oňaly şertlerini üpjün etmekden, tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmakdan we gorap saklamakdan, bu ulgamda mäkäm sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gorap saklamak, baýlaşdyrmak we olary geljekki nesillere miras goýmak biziň Watan öňündäki borjumyzdyr.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça abraýly guramalaryň konwensiýalaryna, maksatnamalaryna, rezolýusiýalaryna gatnaşmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Aral deňziniň howp salýan sebitlerinde ekologiýany durnuklaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ugurda milli parlamentiň iki palatasynyň hem bilelikde iş alyp baryp, bu resminamanyň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmegini seljermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hususy önüm öndürijilere giň ýol açandygyny göz öňünde tutup, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak baradaky hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylykda we maldarçylykda seleksiýa hem-de tohumçylyk işleriniň, ekin dolanyşygynyň, topragy işläp bejermek ulgamynyň we dökünleri ulanmagyň, karantin ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilmelidigine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň agzalary, sebitlerden saýlanan wekiller hökmünde halkyň isleg-arzuwlaryny öwrenmelidirler, ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ýakyndan gatnaşyklary ýola goýmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi, Diýarymyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler, ýetilýän sepgitler, gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş we senagat maksatly desgalar, önüm öndürýän kärhanalar barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlaryň guralmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Halkara meseleler baradaky komitetiň başlygy M.Bäşimowa Milli Geňeşiň Mejlisi, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem ösüp gelýän neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri düşündirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şol sanda daşary döwletler, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen netijeli ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrýarys diýip belledi.Dürli halkara guramalar, dünýäniň döwletleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýäris, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy giňeldýäris. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary bar bolan şertlerden peýdalanyp berkitmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Dürli soraglar boýunça halkara derejede geçirilýän maslahatlarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlary bilen halkara jemgyýetçilik giňden tanyşdyrylmalydyr. Ýer ýüzüniň ählumumy soraglarynyň çözgüdini tapmakda dürli ugurlarda özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda bilelikdäki işleri utgaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryndan we kadalaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidigini hem-de şundan ugur alyp, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Bu ugurda Türkmenistanyň goşulan halkara namalarynyň kadalary bilen milli kanunçylygyň kadalarynyň sazlaşygy gazanylmalydyr, kämil hukuk kadalary we kepillikler döredilmelidir.Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk, degişli resminamalaryň taslamalarynyň komitetler tarapyndan işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de ösdürmek, adamyň we raýatyň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, ýurdumyzda ykdysady işjeňligi we telekeçiligi goldamak, halkymyzyň saglygyny goramak, ylym, bilim ulgamyny ösdürmek, döredijilik işlerini höweslendirmek, Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň agzalary bilen alnyp barylýan işler hasabatyň esasyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, kada-kanunçylyk boýunça milli hem-de halkara tejribesini öwrenmäge uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň wekilleriniň onlaýn maslahatlara, hususan-da, Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny atly wideoduşuşyga gatnaşandygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Hökümet bilen bilelikde ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny ýöretmeginiň möhümdigini belledi.Bu ugurdaky syýasat oňyn halkara tejribesine we jemgyýetiň hil taýdan täze ýagdaýa sazlaşykly geçmegini göz öňünde tutýan milli aýratynlyklara we halkymyzyň milli aňyýetine esaslanmalydyr. Ýurdumyzda kabul edilen her bir kanun durmuşa geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmagyň hukuk esaslaryny döretmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde kabul edilen resminamalary öz wagtynda raýatlara düşündirmegi işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuşyndaky bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge, şeýle hem döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam edýän degişli çäreler geçirilmelidir.Milli Liderimiz düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda içeri we daşary syýasatymyzy, milli kanunçylygyň düzgünlerini wagyz etmäge gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, şeýle hem wagyz-nesihat işlerini geçirmäge Halk Maslahatynyň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçirilen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi