Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine weýrançylykly ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Meksikanyň häkimiýeti prezident uçaryny kärendesine bermekçi
Hytaýda BRIKS sammiti
09.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly kärdeşine adam pidalaryna getiren ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi
Milli Liderimiz Meksikada bolup geçen ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi
Sebastýan Pinera wezipesine girişdi
21.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine weýrançylykly ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi