Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji derejeli ýurist Meýlis Ataýewi Mary welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy. Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 12-nji awgustyndan bäri bu sebitiň prokuraturasyna ýolbaşçylyk eden Allanazar Nyýazlyýew 2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenenden soň, Mary welaýatynyň prokurory wezipesi häzirki güne çenli boş galypdy.

2.Russiýanyň iki meşhur sirki Balkanabatda iň gowy çykyşlaryny görkezerler.Bu rus sirk artisleriniň Arkadag şäherinde başlanan Türkmenistandaky gezelenç çykyşlarynyň çägindäki iň soňky barjak şäheri bolar. 10 17-nji sentýabr aralygynda Balkanabatyň ýaşaýjylary we myhmanlary sirk sungatynyň dürli žanrlary boýunça çykyş edýän artistleriň akrobatlardan we ekwilibristlerden başlap, darbazlaryň we žonglýorlaryň çykyşlaryny öz içine alýan özboluşly sirk şowhuny maksatnamasynda lezzet alyp bilerler. Şeýle hem tomaşaçylar tälim berlen ýolbarslary, gaplaňlary we aýylary görerler hem-de şadyýan masgarabazlaryň gülküli degişmelerine tomaşa ederler.

3. Sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna tarapyndan Arkadag we Mezon-Laffit şäherleriniň arasynda doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasyna gol çekildi.

4. 1-nji sentýabrda Ankarada badalga alan 25-nji Halkara Anadoly medeniýet we sungat festiwalynda türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty görkezildi.Festiwalyň guramaçylyk komitetiniň Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň arasynda geçiren bije çekişligine görä, festiwalyň 5-nji güni Türkmenistanyň güni diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmak üçin 20 müňden gowrak tomaşaçy ýygnandy.Uly sahnada estrada aýdymçysy Begenç Öräýew türkmen aýdym-saz sungatyny we öz döreden Arkadagly türkmen atly aýdymyny üstünlikli tanyşdyrdy.

5. Türkmenistan 20 23-nji sentýabr aralygynda Türküstan şäherinde geçiriljek Türki dünýäniň matematikleriniň VII kongresine gatnaşar. Forum halkara gatnaşyklaryny we alymlaryň ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, matematika ylmynyň ösmegine hem-de matematikanyň, maglumat tehnologiýalarynyň gazanlarynyň ylmy gözleglerde, tehnikada we bilimde ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen geçirilýär.

Dünýäde

6. Kazanda musulman kinosynyň festiwaly badalga aldy. Bu çärä 11-den gowrak ýurtdan 52 film gatnaşýar. Festiwal filmleriniň esasy mowzugy umumadamzat gymmatlyklaryny, ruhy we ahlak ýörelgelerini, medeni däp-dessurlary hem-de çydamlylyk we ynsanperwerlik häsiýetlerini öz içine alýar.

7. Finlýandiýanyň paýtagtyndaky howa menzilinde synag hökmünde dünýäde ilkinji gezek sanly syýahatçylyk pasportlary synagdan geçirilip başlanar. Sanly syýahatçylyk pasporty serhetdäki pasport gözegçiliginden geçmekde wagty tygşytlamaga we resmi kagyzlaryň döredýän kynçylyklaryny aradan aýyrmaga mümkinçilik döreder. Synagyň netijelerine 2024-nji ýylda baha berler. Mundan başga-da, Horwatiýa hem şu ýyl sanly pasportlar bilen şeýle synagy geçirmegi meýilleşdirýär.

Sport habarlary

8.Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýanyň kubogy 2024-iň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda Taýwanyň ýygyndysyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Aşgabadyň Köpetdagynyň hüjümçisi Şamämmet Hydyrow het-trik bilen tapawutlandy, ýene bir goly Altyn asyryň futbolçysy Nurmyrat Rozyýew geçirdi.

K toparçasyndaky saýlama ýaryş Indoneziýanyň Surakarta şäherinde merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär.Türkmenistanyň ýygyndysyna toparçada Taýwanyň we Indoneziýanyň toparlary garşydaşlyk edýärler.Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy 12-nji sentýabrda Indoneziýanyň ýygyndysy bilen indiki duşuşygyny geçirer.

9.Türkmenistanly tennisçi gyz Ilima Guseýnowa ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.Bu çempionata Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 24 sany öňdebaryjy tennisçi gyzlary gatnaşýarlar. Ýaryşyň çärýek finalynda Ilima Guseýnowa hindistanly tennisçi Diýa Rameşden 7:6, 1:6, 6:4 hasabynda üstün çykdy.

Türkmenistana wekilçilik edýän tennisçi gyz ýaryşyň finalyna çykmak üçin taýlandly tennisçi gyz Tarita Hongsýok bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Türkmenistan Bahreýnde geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň ikinji tapgyryna dört ýeňiş bilen başlady
Aşgabatda gar arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi, Russiýa bilim almaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin orunlaryň sanyny öňki derejesinde saklady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar