
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.