Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. “Türkmen halky doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar.
Onuň Alyjenaby parasatly we öňdengörüji ýolbaşçy hökmünde, Kuweýt Döwletiniň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi.Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň tutuş halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini ýetirdi. “Gudraty Güýçli Allatagala Siziň Alyjenabyňyza hem-de Kuweýtiň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin!” diýlip, hormatly Prezidentimiziň hatynda bellenilýär.