
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Kuba Respublikasynyň Azat edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, Türkmenistan gazetinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.