Türkmenistanyň Prezidenti kazyýet ulgamynda kazylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti kazyýet ulgamynda kazylary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine ozal Lebap welaýat kazyýetine başlyklyk eden Daýanç Owwadow bellenildi. Gurbanguly Akmyradow Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Aýly Meretnyýazow bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylyp, Lebap welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Wezipä bellenilenleriň hatarynda Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylyp, Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilen Rahman Hojiýew hem-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazylygyndan boşadylyp, Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilen Seýitjan Ýaňybaýew bar. Amangeldi Allaberenow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Mundan başga-da, Remezan Hanow Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.Hurma Hallyýewa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.

Hijran Şükürow hem Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, 5-nji hünär derejeis berildi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Türkmenistan, Ýaponiýa ikileýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar
Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ýapon kompaniýalary türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi