Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi. /* custom css */ .td_uid_15_6762bb806530e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6762bb806530e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }