Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin anna güni iş sapary bilen Beýik Britaniýa bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

“Stansted” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli Bukingem köşgünde geçirilen resmi kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III öz gezeginde Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýuldy. 1996-njy ýylda Uelsiň Şazadasy Çarlz resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Londona iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Tramp öz administrasiýasyny döredýär