Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda käbir wise-premýerlere berk käýinç yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekowa, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa we "Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe işlerinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň dowamynda düzedilmese, olaryň eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdyklaryny duýdurdy.

Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň senagat we gurluşyk toplumynyň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýene degişli makalalar

Aýazly howa: Aşgabatda tok, suw kesildi. Lebapda gaz üpjünçiligi pes. Maryda birnäçe öýde ýangyn döredi
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Türkmenistan bilen Eýran oba hojalygy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtady
Eýran türkmen gazyny has köp ýurda üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy
Ermenistan we Türkmenistan gaz hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar
Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi