Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi

Şu gün, 29-njy iýulda oba hojalyk pudagy boýunça geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň käbir welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlary esasynda:

Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Tawus Meýlisowna Amanowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Çemen Jumamyrat gyzy Akyýewa bellenildi.

Gülsenem Baýrammyradowna Mämmedowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Rahymberdi Hydyrow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp