Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Jorj Uoker Buşa onuň kakasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti we görnükli syýasatçy Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu habary gynanç bilen kabul edip, şu agyr pursatda Jorj Uoker Buşa hem-de onuň ähli maşgala agzalaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk bildirdi we çuňňur gynanjyny beýan etdi.