Türkmenistanyň Prezidenti Jan Watanym Türkmenistan! atly täze goşgy ýazdy

Türkmenistanyň Prezidenti Jan Watanym Türkmenistan! atly täze goşgy ýazdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2022-nji ýyly agzybir maşgalasy bilen garşylady. Döwlet Baştutany Täze ýylyň garşylanýan pursatlarynda ýurduň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony Jan Watanym Türkmenistan! diýip atlandyrandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri täze döreden eserini ilki bilen maşgala agzalaryna okap berdi.

Jan Watanym Türkmenistan!

Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,

Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!

Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,

Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz,

Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz,

Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz,

Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!

Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr,

Bagtyýarlyk hakykaty älem-jahana aýandyr,

Tenekar hem melhem bolup, howa siňip ýaýraýandyr

Ýer ýüzüne hoş owazyň, jan Watanym Türkmenistan!

Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi,

Onuň juda inçeligi, gözlere görünmezligi,

Döwürleriň, eýýamlaryň ol mukaddes gözelligi,

Ebedidir aýdym-sazyň, jan Watanym Türkmenistan!

Ýene degişli makalalar

16-17-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
20-22-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
2022-nji ýylyň iýun aýynyň 10-12 aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda we döwlet sirkinde görkeziljek sahna oýunlarynyň
Ilkinji ylalaşyga gol çekdi
Iň eýjejik gyzjagaz — 2022 bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi