Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella ýurduň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda bolan, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Awtobus heläkçiligi Italiýanyň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda 3-nji oktýabrda bolup geçdi.
TASS agentliginiň habar bermegine görä, Italiýada adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly 21 adam wepat boldy, şeýle hem 18 adam ýaralandy.