Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Täjigistana iş sapary bilen bardy. Bu barada Täjigistanyň Milli habar agentligi "Howar" habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem gatnaşar.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmiler garşy aldylar.

Şeýle hem bu saparyň çäginde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýokary derejeli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegine hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, Täjigistanyň Duşenbe şäherinde 13-nji sentýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi we onuň netijesi boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Şeýle-de şol gün Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy