Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Moskwa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Moskwa bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasyny görkezdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, D.Orazow şeýle hem kärhananyň umumy çyzgysy, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy dürli binalaryň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, yşyklandyryş üçin ulanylýan döwrebap tehnologiýalar barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, birnäçe düzedişleri girizdi hem-de yşyklandyryş ulgamynda we bezeginde täzeçil usullaryň, sanly tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň sebitiň howa we ekologiýa şertlerine laýyk gelmelidigini belledi.

D.Orazow türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrylandygyny aýtdy. Onuň çäklerinde ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Iş saparynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasy gurlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda lukmançylyk polipropileniniň, duzunyň önümçiligini ýola goýmagy tabşyrdy
Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
Hazar deňzine 17 milliard kub metr suw goýberildi
Turkmenportal resminamalar kabul edişligi heniz dowam etýän okuw jaýlarynyň sanawyny hödürleýär