Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Bu barada TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.