Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň täze Premýerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň täze Premýerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Li Sýany Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

“Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Li Sýany Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin şenbe güni Hytaýyň milli kanun çykaryjy mejlisi bolan Milli Halk Gurultaýynda Li Sýany ýurduň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellemek baradaky Karara gol çekdi. Li Sýan bu wezipä bellenmezden ozal Hytaýyň iň uly şäheri bolan Şanhaýyň Kommunistik partiýasynyň başlygydy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Hytaýyň döwlet Geňeşiniň öňki premýeri Li Kesýan aradan çykdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ HALK SYÝASY KONSULTATIW GEŇEŞINIŇ ÄHLIHYTAÝ KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryny gutlady