Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
Hindistanyň Ozalky Premýer-ministri Sinh Aradan Çykdy
Trampbi bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy