Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz biziň halklarymyzyň umumy taryhynyň, baý medeniýetiniň we köp babatda meňzeş däp-dessurlarynyň asyrlara uzaýan türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtap, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine oňyn täsirini ýetirýändigini aýtdy.