Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Penjab ştatynyň Amritsar şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Şu agyr pursatda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Narendra Modä gutlag hatyny iberdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar
Modi Moskwa bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan pajygaly ýagdaýa gynanç bildirdi