Türkmenistanyň Prezidenti HHR-IŇ Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-IŇ Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

6-njy Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.

Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki Jarnamanyň onýyllygyna we iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna beslenen ýylda Pekine amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, Merkezi Aziýa — Hytaý formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Merkezi Aziýa — Hytaý parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar bilelikdäki forumyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Ronaldu bilen Messi ýene-de duşuşdy
Si Sizinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy