Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda hökümetara komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi.

Söhbetdeşlikde Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy barada aýdylyp, şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy.

Ozal Hytaýa amala aşyrylan saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýandygy-da nygtaldy.

Duşuşykda söhbetdeşler soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi