Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni 1948-nji ýylyň ýertitremesiniň pidalarynyň hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hormatyna Aşgabatda gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ir bilen Türkmenistanyň raýatlary milli gahrymanlary hatyralamak üçin Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýodadan ýöräp geçip, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanlylaryň hormatyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Soňra Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, talyplar, Aşgabadyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Çäre tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti çärä gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, toplumdan ugrady.

Hatyra çäreleri Arkadag şäherinde, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi çapdan çykdy
6-njy oktýabrdaky dynç güni 7-nji oktýabra geçirildi
Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
HATYRA GÜNÜNE DÜŞÝÄN DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi