Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasy öňki wezipesinde galdyryldy. Hormatly Prezidentinimiziň Karary bilen Içeri işler ministri we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary täzelendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Öwezdurdy Hojanyýazowy içeri işler edaralarynda ýolbaşçylyk eden döwründe birnäçe kemçiliklere ýol berlendigi, jemgyýetçilik tertip-düzgünini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine, şeýle hem polisiýanyň ýerli wekilleriniň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigi sebäpli içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmekden boşadyp, bu wezipä Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri Muhammet Hydyrowy belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylýandygyny mälim edip, Çarymyrat Amanowyň, başga işe geçmegi sebäpli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bellendi.

Mejlisiň barşynda degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy