Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluk etmeklerini, göwnejaý dynç almaklaryny we dürli hünärleri ele almaklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, olaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny belleýär.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda, olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy.
Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün edip, ýaşlaryň halal zähmete gol bermegini, olaryň gulluklarynyň öndürijilikli zähmet bilen utgaşdyrylmagyny, ahyrky netijede bolsa, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.Tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” sammitinde we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.
Tebigatyň bu künjegi güýz paslynda has ajaýyp görnüşe eýe bolýar.Dag etekleriniň giň ýaýlalarynda ynsan saglygyna tenekar howanyň emele gelmegi bu ýerleriň ähmiýetini artdyrýar.Döwlet Baştutanymyz atly gidip barşyna, giň ýaýlanyň ajaýyp görnüşlerini synlady.
Häzirki döwürde gönüden-göni milli Liderimiziň aladasy netijesinde ýurdumyzda ekologiýa babatda ägirt uly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde, sähralarynda bar bolan ösümlik dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, Watanymyzyň esasy baýlygy dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Tutuş ýurdumyzy gurşap alan maksatnamanyň çäklerinde dürli künjeklerde tokaý zolaklary döredildi.Derýalaryň we akabalaryň kenarlary gök zolaklara beslendi.Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär.
Dag etekleriniň gaýtalanmajak ekoulgamy, ösümlik we haýwanat dünýäsi ekologik nukdaýnazardan amatly künjegi döretdi, şonuň üçin hem ony netijeli ulanmak we ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.