Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgatlary gowşurmak barada Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgatlary gowşurmak barada Buýruga gol çekdi

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 2 okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär
Türkiýe, Dünýäde Bal Önümçiliginde 2-nji Orny Eýeleýär
Hytaý Türkiýäniň Sebitleýin we Halkara Arenada Güýçli Pozisiýa Eýelemegini Goldaýar
Ýaş Woleýbolçylar Ýewropa Çempionadynda Ikinji Orny Eýeledi
“Türkiýäniň F-16 Uçarlaryna Eýe Bolmagy ABŞ we NATO Taýdan Bähbitli”
Ýufus Jan Zeýbek Altyn Kemeriň Eýesi Boldy