Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentlikden Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny synlady

Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentlikden Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny synlady

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Uçuşynyň dowamynda döwlet Baştutany Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň, Aşgabadyň günorta böleginde Halkara pediatriýa merkeziniň, Aşgabadyň merkezi böleginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna, ozal bar bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada howa menzilleriniň biriniň uçuş zolagynda partlama boldy
Ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar