Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde Ministrler kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.
Döwlet baştutany mejlisiň barşynda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy boýunça wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewi çalyşmak hakynda karara gelendigini aýtdy.
Ozalky wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew
TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow wise-premýer Amangeldiýewiň awtomobil ýollarynyň gurluşygy we guramaçylyk işleri boýunça tejribeli hünärmendigini aýtdy we ony Türkmenbaşy-Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýolbaşçylyk etmäge iberdi.
Prezidentiň sözlerine görä, “bu ýol sebitiň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara çatrygy hökmünde ýurduň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer”.
Bu täze awtomobil ýolunyň gurluşygynyň başlanjagy barada Amangeldiýew prezidente bir hepde ozal hasabat berdi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy bilen Gazagystanyň Maňgistau sebitini daş düşelen ýol baglanyşdyrýar.
Gurluşyk boýunça täze wise-premýerlige ozal energetika ministri bolup işlän Çarymyrat Purçekow bellenildi.
Energetika ministri wezipesine 2015-nji ýyldan bäri bu ministrligiň Owganystandaky wekilhanasynyň başlygy bolan Myrat Artykow bellenildi. Belleýäris, Myrat Artykow ozal, 2012-2014-njy ýyllarda hem Energetika ministrligine ýolbaşçylyk etdi, 2014-2015-nji ýyllarda bolsa wise-premýer bolup işledi.
Myrat Artykow
Dädebaý Amangeldiýew wise-premýerlige 2017-nji ýylyň ýanwarynda bellendi. Şondan öň ol “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy boldy.
Amangeldiýewiň, Pürçekowyň we Artykowyň doly iş terjimehallary bilen TürkmenWiki maglumat saýtynda tanyşmak mümkin.