Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!Ilkinji nobatda men Türkmenistan bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryňyz we halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz, şeýle hem Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri syýasata esaslanýan parahatçylykly daşary syýasat ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli berýän ýardamyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Bu ýagdaý biziň milli häsiýetlerimize mahsus bolup, dost-doganlyk, özara goldaw we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.Men şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, uly sarpa bilen bu halkara maslahata hormatly myhman hökmünde çagyrandygy üçin, Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy jenap Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem türki dilli döwletleriň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň we birek-birege amatly hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini maksat edinýän şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeli geçirilmegi babatda döredilen amatly şertler üçin öz hoşallygymy bildirýärin.

Hormatly döwlet Baştutanlary! Şu günki ýokary derejeli duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has belent sepgitlere çykarylmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.Onuň gün tertibine türki dilli döwletleriň sazlaşykly hereketleriniň we toplumlaýyn işleriniň ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen iri mowzuklar girizildi.

Hususan-da, maslahatyň dowamynda häzirki döwrüň we uzak möhletli geljegiň derwaýys soraglary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol bir wagtda birnäçe möhüm guramaçylyk soraglaryna hem seredilýär.Men duşuşygyň netijesinde kabul ediljek çözgütleriň ähli taraplar üçin hem bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara syýasatyň gün tertibine girýän derwaýys soraglar boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi.Bu başlangyçlar, hususan-da, ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly soraglary we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Biziň döwletimiz dünýä derejesindäki bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga örän çynlakaý çemeleşýär. Şonuň üçin, şu gün geçirilýän ýokary derejedäki duşuşykda men halkara ähmiýetli käbir soraglara uly hormat bilen siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.

Birinjiden, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi döwrümiziň gaýragoýulmasyz işleriniň biri bolup durýar.Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerinden deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurdygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Bu ugurda işlenip düzülen degişli Kararnamalar Guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapdy.Biz ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu işe işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.Türkmenistan bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Şol sebäpli, biziň ýurdumyz nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barar.

Munuň bolsa ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynanýaryn.Ikinjiden, ulag we aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýar.

Biziň döwletlerimiz bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir.Türkmenistan özüniň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de sebit we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirdi.

Biz bu çärelerde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmegiň peýdaly boljakdygyna ynanýarys.Mundan ozal Türkmenistanyň başlangyjy we şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek barada üç sany Kararnama kabul etdi.

Asylly maksatlara gönükdirilen bu halkara resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ählumumy ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça örän köp işler durmuşa geçirilýär.Men doganlyk türki dilli döwletlerimiziň mundan beýläk-de halkara ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi maksat edinýän bilelikdäki hereketlere işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýaryn. Üçünjiden, Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr.

Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar.Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär.Bu ekologik wehim Aralýaka sebitinde we beýleki döwletlerde ýaşaýan halklaryň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Şu sebäpli hem agzalan heläkçiligi we onuň oňaýsyz täsirlerini aradan aýyrmak gaýragoýulmasyz häsiýete eýedir.

Türkmenistan ekologiýanyň we daşky gurşawyň goralmagy babatdaky tagallalaryny ählumumy derejede işjeň görnüşde alyp barýar.Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar.Men bu zerur işleriň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn hem-de ähli taraplary agzalan resminamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan üç ugur we halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň maksady türki dilli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalarda öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime uly orun degişlidir.Biz bu barada hemişe belläp geçýäris.Sebäbi umumy medeni-ruhy mirasymyz we gymmatlyklarymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, biz türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara gurama bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň netijesinde, meşhur şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň, tanymal medeniýet we sungat işgärlerimiziň eserleriniň dünýä derejesinde tanyşdyrylmagy we ýaýradylmagy üçin degişli işleriň geçirilmegini teklip edýäris.

Häzirki wagtda biz 2024-nji ýylda meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça taýýarlyk işlerine başladyk.Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki dilli ýurtlar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly üns berýäris. Şol bir wagtda men ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!Men ýene-de bir derwaýys meselä siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýä örän çynlakaý synagy başdan geçirýär.Indi bir ýyldan gowrak wagt bäri täze görnüşli koronawirus pandemiýasy ähli ýurtlara uly howp bolup abanýar.

Bu howply ýagdaýy ýeňip geçmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikde uly tagalla etmegi zerur bolup durýar.Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda COVID-19 howpunyň öz çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirdi. Şol bir wagtda biziň ýurdumyz bu ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki we özara ylalaşykly çözgütleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle hem bu ugurda sebit derejesinde anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşde ähli ýurtlaryň jebisleşip, öz tagallalaryny we güýçlerini birleşdirmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýär.

Biziň döwletlerimiziň bu ugurda bilelikde işlemek boýunça belli bir derejede tejribe toplandyklaryny bellemek bolar.Geljekde ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde egin-egne berip, dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde iş alyp barmaklarynyň örän dogry boljakdygyny nygtamak isleýärin.

Hormatly döwlet Baştutanlary!Sözümi jemlemek bilen, men bu günki ýokary derejeli duşuşygyň we onuň dowamynda seredilen soraglaryň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň!

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi