Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we şäheriň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy, diýip TDH habar berýär.

Irden hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniiň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygynyň döredilmegi we milli öwüşginde bolmagy möhüm talap bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz otaglarda döredilýän şertler bilen tanşyp, olaryň bezeg aýratynlyklarynda, abadanlaşdyrylyşynda türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleriň üpjün edilmelidigine, şunda işleriň ýokary hil derejesine ähmiýet bermelidigine ünsi çekip, meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýerler Ş.Durdylyewe we Ç.Gylyjowa hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz banklaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny ýene bir gezek belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary