Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň wezipämiz gazanylan üstünlikleri artdyrmakdyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň wezipämiz gazanylan üstünlikleri artdyrmakdyr

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ugry ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşini, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegi gazanmakdan ybaratdyr.Milli Liderimiz tarapyndan işlenip düzülen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy şu maksatlara gönükdirilendir. Şol strategiýa önümçilik pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň hasabyna olaryň ösüşini höweslendirmegi, ägirt uly tebigy baýlyklaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine tiz çykarmak maksady bilen, onuň senagat, zähmet we intellektual kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Ýaragly düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny maksadalaýyk pugtalandyrmak, döwrebap usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny hemişe gözden geçirmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi.

5-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine 2020-nji ýylyň on aýynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Mejlisiň başynda edermen türkmen pagtaçylarynyň ak altyn taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy — geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekilendigi habar berildi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça şu ýylyň on aýynda önümçiligiň mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 104,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak altyn ussatlaryny hem-de ähli oba hojalyk işgärlerini gazanylan ýokary netijeler bilen gutlap, pudagyň tapawutlanan işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerine tarap okgunly hereketi şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijilerinde aýdyň beýanyny tapdy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 5,8 göterime deň boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň mukdary 4 göterimden gowrak, bölek satuw haryt dolanyşygynyň mukdary bolsa 18,9 göterim köpeldi.

Pudaklar boýunça birnäçe ugurlarda ösüşler hasaba alyndy: suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi 23,6 göterime, awtoulag arkaly gatnatmalar boýunça ösüş 1,8 göterime, demir ýol ulaglar arkaly gatnatmalar boýunça ösüş 12,6 göterime, deňiz arkaly ýük daşamak boýunça ösüş 12,9 göterime barabar boldy.

Gurluşyk-senagat toplumynda ösüş 22 göterimden gowrak boldy, dokma senagatynda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiligi, degişlilikde, 4 göterim we 1,2 göterim, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 17,4 göterim, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 3,2 göterim ýokarlandy.

Hususy ulgamda senagat önümleriniň önümçiligi 33 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiligi 10,2 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, hususylaşdyrmagy we senagatlaşdyrmagy, sanly ulgama geçmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzdaky önümçiligini işjeňleşdirmek gerek.

Döwlet Baştutanymyz öňümizde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýurdumyzy 2021-nji ýylda ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy görkezdi. Ol ygtybarly maýa goýumlara daýanmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020 — 2025-nji ýyllarda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary dolandyrmagyň we özgertmegiň baş ugruny bir aýyň dowamynda tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmagyň meselelerini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talabyna laýyk getirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gysga möhletlerde gurluşyk toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň, zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy ýola goýmagyň, ugurdaş düzümleriň işini seljermegi çaltlandyrmagyň, şonuň ýaly-da, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak ýa-da hususylaşdyrmak baradaky teklipleri garamaga bermegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawy boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda eksporta niýetlenen harytlary öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, iň döwrebap, ýokary öndürijilikli enjamlar hem-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen we öz-özüňi maliýeleşdirmäge ukyply iri tehnologiýa kompaniýalaryny we firmalaryny döretmek, şunuň ýaly-da, käbir pudaklary ösdürmegiň meselelerini çözmek kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz orta we iri döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň şu we beýleki ugurlaryny kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Tutuş dünýäde türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, şanly taryhyny hem-de häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi.

Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki Sony Middle East And Africa FZE kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Döwlet Baştutanymyz on aýyň jemlerini jemläp, olaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gyşarnyksyz amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär diýip nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşiň ýokary depginleri saklanylýar. Kesgitlenilen wezipeleriň çäklerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda önümçiligiň möçberleri artdy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly binalar ulanylmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini goldamagyň, ony işjeňleşdirmek babatynda gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, biziň maksadymyz gazanylan ösüş depginlerini saklamakdan we olary geljek ýylda ösdürmekden ybaratdyr diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz 6-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap Bagabat şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň, her bir raýatyň saglygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada edýär. Geçen hepdäniň başynda döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany, şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.

Milli Liderimiziň gol çeken ýene-de bir Karary bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin ýollanmalaryň bahalary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Saglyk Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan şypahana dynç alyş ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdynlygyny pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Bagabat täze şypahanasy Aşgabadyň eteginde, Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän ajaýyp Bagabat jülgesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy. Ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän döwrebap toplum birbada 200 adamy kabul etmäge ukyplydyr.

Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, şeýle hem SPA bölümi girýär. Şypahananyň esasy ugry dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň öňüni almak bolup durýar.

Bu ýerde berhizli tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar, gezelenç etmäge niýetlenen ýodalar, futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalary, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar.

Milli Liderimiz täze şypahana sowgat hökmünde awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Täze bejeriş-öňüni alyş merkezi bilen bir hatarda şypahana alyp barýan ýoluň hem-de onuň ugrunda gurlan Saglyk binasynyň açylmagy halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde bina edilen, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylmagy täze gurlan binalaryň üstüni ýetirip, ol etrabyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Beýik bina (potratçy) hem-de Joşgun bina (kömekçi potratçy) hususy kärhanalary tarapyndan guruldy.

Ýanaşyk ýerleriň ählisi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Sadaka bermek üçin ýörite jaý, dürli oýunlary oýnamak üçin meýdança, çagalar meýdançasy göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, bu daýhan birleşiginiň çäginden geçýän ýoluň iki tarapyndan 7100 sany maşat sosnasynyň nahallary ekildi.

Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda ýaşyl zolaklary hem-de baglary döretmek göz öňünde tutulýar.

Geçen şenbe güni döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Milli Liderimiz Aşgabadyň eteginde köpçülikleýin ekologiýa çäresiniň geçirilýän ýerine atly geldi.

Arassa ganly behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň gymmatlyklaryny kämilleşdirmek üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen seýisleri we atşynaslary netijeli işleri alyp baryp, asyrlaryň dowamynda olaryň ösdürilmegine uly zähmetini, ajaýyp zehinini we çäksiz söýgüsini bagyş eden ata-babalarymyzyň ösdürip ýetişdiren ahalteke tohum atlarynyň şöhratly senenamasyny dowam edýärler.

Halk seçgiçiliginiň bu sungaty döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyryp, milli baýlyk bolup durýar.

Halk arasynda: At agynan ýerde toý bolar diýilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň giňden dabaralanyp, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde ahalteke bedewlerimiziň gadymy mekanynda badalga alan ählihalk bag ekmek dabarasyna mähriban Arkadagymyzyň Hanbeg atly behişdi bedewinde gelmegi bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen arçasyny ekip, asylly çäräniň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgähleriniň çäkleriniň giňeldilmegi ynsan üçin ýaramly howa gurşawynyň emele gelmeginiň baş şertini üpjün edýär.

Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşapdyr.Dünýäniň gadymy medeniýetleriniň esasy ojaklarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, amatly howa gurşawy bu ýerleriň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda wajyp orny eýeläpdir.

Geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, biziň ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerde gülläp ösen ýaýlalaryň bolandygy, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk bilen meşgullanandygy, miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirendigi baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresine ähli türkmenistanlylar mynasyp goşandyny goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Milli Liderimiz çäräniň dowamynda asylly işiň täze tapgyryna badalga bermek bilen, bag nahallarynyň 30-syny oturtdy. Munuň özi eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändiginiň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Bu günki dabara gatnaşyjylaryň her biriniň milli Liderimiziň göreldesine eýerip, 30 nahal ekmegi, bu ýerde emele gelýän gök zolaklaryň meýdanynyň has-da artmagynyň esasy şertini emele getirdi. 2020-nji ýylyň dowamynda bolsa Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 25 million düýbi oturdylar.

Soňra medeniýet işgärleri, sungat ussatlary tarapyndan şu günki dabara mynasybetli taýýarlanylan aýdym-sazly çäräniň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bag nahallarynyň ekilendigini, halk köpçüliginiň sogap işe gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz guýy gazmak, ýol çekmek, köpri gurmak bilen bir hatarda, bag ekmegiň örän sogap iş hasaplanylýandygyny aýdyp, bag ekmegiň dünýäniň bakylygyna uly goşantdygyny, şeýle hem bag ekmegiň ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň tebigat bilen ysnyşykda ýaşaýandygyny alamatlandyrýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ekologiýa babatda hem ähmiýetlidigini we bu asylly ýörelgäniň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.

8-nji noýabrda, ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirip, onuň barşynda bäş welaýatyň häkimlerinden ekerançylaryň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabatlary kabul etdi.

Merdana daýhanlarymyz Watan harmanyna ak altynyň 1 million 250 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar we ýetişdirilen pagtany soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin batly depginler bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işgärlerini, hasyl ussatlaryny tüýs ýürekden gutlap, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin geljekde hem zerur bolan ähli şertleriň dörediljekdigini, olaryň öz zähmetiniň hasabyna abadançylyk derejesini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ekerançylaryň ýylyň dowamynda çeken tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýän türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýunyň öňüsyrasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl iň ýokary görkezijileri gazanan pudagyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.

Paýtagtymyzda Aşgabat atçylyk sport toplumy dabaralaryň merkezine öwrüldi, bu ýerde guralan çärelerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri, türkmen sungatynyň özboluşly ýörelgeleri, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Synymyzyň dowamynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň AOG-nyň Baş Assambleýasynyň maslahatyny hem-de AOG-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini ýurdumyzda geçirmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldandygyny bellemelidiris. Bu barada AOG-nyň baştutany Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa geňeşiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda habar berdi.

Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah milli Liderimize ýurdumyzda olimpiýa hereketiniň ösdürilmegini hemişe goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, 2023-nji ýylda Hazaryň kenaryndaky ajaýyp Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmek mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi, bu zolakda ösen döwrebap durmuş we sport düzümleri döredilendir, şeýle hem ajaýyp çägeli plýažlar bar.

Geçen hepdede ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň öňe süren BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, hususan-da, bitaraplyk ýörelgeleriniň çaknyşyklaryň öňüni almakda netijelidigi bellenildi.Biziň ýurdumyz bu derejä eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda BMG-niň Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geljek — 2021-nji ýyl üçin çäreler boýunça öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň we BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň wideoaragatnaşyk görnüşindäki bilelikdäki maslahaty geçirildi. Ol raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça geljekki on ýyl döwre niýetlenen ählumumy çäräniň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky senesine bagyşlandy.

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň işgärleri bu ählumumy möwsümiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem olar raýatsyzlyk meselelerini çözmek boýunça köpugurly işi alyp barýan ýurdumyzyň öňdäki orunlary eýeleýändigini nygtadylar.

2011-nji ýyldan başlap, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Onlaýn görnüşde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan etmek dabarasy geçirildi hem-de bu instituta degişli pul sylagy gowşuryldy.

Bölünip berilýän serişdeler orta asyr golýazma we köne neşir kitaplaryny rejelemek boýunça taslamany maliýeleşdirmäge hem-de surat nusgalaryny aýap saklamak üçin maglumatlar toruny döretmäge gönükdirilendir. Dört ýylyň dowamynda 80 sany golýazma we köne neşir kitaplarynyň abatlanylmagy hem-de aýalyp saklanylmagy meýilleşdirilýär.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan wideokonferensiýa görnüşinde guralan tegelek stola Türkmenistandan hem-de Russiýa Federasiýasynyň alym-syýasatşynaslary, degişli ugurdaky ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletlerinden diplomatlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşly mümkinçiliklerini hem-de oňyn ornuny bellediler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan ylalaşdyryjylyk başlangyçlary ählumumy meseleleri, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmekde zerur bolup durýar.

Çykyşlaryň birnäçesi köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň döwletlerinde hem-de tutuş dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy nazara alnyp, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi.

Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girmek meýilnamalary barada habar berdi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda kemsidilmelere garşy göreş hakynda medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek hakynda hem-de ýokary bilim babatynda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ÝUNESKO-nyň konwensiýalaryna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasy bolan geçen hepdäniň wakalary şulardan ybaratdyr. Bu özgertmeleriň baş maksady Watanymyzy halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, onuň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin iň amatly şertleriň döredilýän ýurduna — ösen, abadan döwlete öwürmekden ybaratdyr.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/12402?type=feed

Ýene degişli makalalar

05.11.2020 | Resmi habar
Resmi habar
Türkmenistan teleradio enjamlaryny satyn almak boýunça Sony kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
Resmi habar
Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi
Medeniýet hepdeligi 2022 dowam edýär